Çarşenbe, 09 Iýul 2025

2022-nji ýylyň mart aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzedýärler

Google kompaniýasy 2022-nji ýylyň mart aýynyň howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly gowşaklyklary, şol sanda üç sany örän howply gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.

Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2022-03-01) çykmagy bilen jemi 18 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklar Android-programmalary ýerine ýetirmek gurşawynda (Android runtime), şeýle hem Framework, Media Framework, System düzüm böleklerinde düzedildi. Ýaramaz niýetli ulanyjy "Hyzmat etmekden ýüz öwürmek" (DoS) ýagdaýyna getirmek, hukuklary artdyrmak, maglumatlary aýan etmek üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp bilýär.

2022-nji ýylyň mart aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi (2022-03-05) Kernel, MediaTek, Project Mainline we Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 21 sany gowşaklyklary üçin düzedişleri öz içine alýar.

Şeýle hem, Google kompaniýasy Pixel enjamlary üçin düzedişleri çykaryp, Pixel we Qualcomm düzüm böleklerinde köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrandygy barada habar berdi.

11 Mart 2022

-
324