Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Microsoft kompaniýasy 2022-nji ýylyň mart aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Microsoft kompaniýasy programma üpjünçiliginiň birnäçe gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Microsoft 2022-nji ýylyň mart aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde 71 sany gowşaklyklary düzetdi.

Düzedilen gowşaklyklaryň arasyndan 25 sany gowşaklyk – hukuklary artdyrmak, 3 – howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek, 29 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 6 – maglumatlary aýan etmek, 4 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we 3 - spoofing amala aşyrmak mümkinçilikleri berýärler.

Şeýle hem, 2022-nji ýylyň mart aýynyň «Sişenbe düzedişleri» üç sany 0-day gowşaklyklary üçin düzedişleri öz içine alýar, bu gowşaklyklar:

CVE-2022-21990 - uzaklykdan iş stoly bilen işlemek programmanyň uzaklykdan kod ýerine ýetirmek gowşaklygy;

CVE-2022-24459 - Windows Fax and Scan hyzmatynyň hukuklary artdyrmak gowşaklygy;

CVE-2022-24512 - .NET we Visual Studio programma üpjünçiligine täsir edýän uzaklykdan kod ýerine ýetirmek gowşaklygy.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2022-nji ýylyň mart aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz - microsoft.com.

Çeşme: bleepingcomputer.com

10 Mart 2022

-
86