Fortinet kompaniýasy 2022-nji ýylyň mart aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Fortinet kompaniýasy önümleriniň köp sanly gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Gowşaklyklar FortiAP-C, FortiManager, FortiAnalyzer, FortiMail, FortiOS, FortiPortal, FortiToken Mobile (Android), FortiWLM önümlerinde ýüze çykaryldy. Ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda rugsatsyz buýruklary ýerine ýetirmek, howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek, maglumatlary üýtgetmek, uzaklykdan kod ýerine ýetirmek we gizlin maglumatlary aýan etmek üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Fortinet howpsuzlyk maslahatlarynda görüp bilersiňiz - fortiguard.com.
04 Mart 2022