Cisco howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Cisco birnäçe önümleriniň gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy gowşak ulgamy dolandyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler.
Bu täzelenmeleri çykarmak bilen, Cisco kompaniýasy Cisco NX-OS, Cisco FXOS programma üpjünçiliginde we Cisco Nexus 9000 tapgyrly swiçlerinde birnäçe ýokary we orta derejede howply gowşaklyklary (CVE-2022-20624, CVE-2022-20650, CVE-2022-20623, CVE-2022-20625) aýyrdy. Bu gowşaklyklaryň ulanylmagy ýaramaz niýetli ulanyjy üçin gowşak ulgamda root hukuklary bilen islendik buýruklary ýerine ýetirmek, «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» (DoS) ýagdaýyny getirmek mümkinçilikleri berip bilýär. Şeýle hem, Cisco kompaniýasy Cisco Nexus 9000 tapgyrly swiçlerinde we Cisco Email Security Appliance önüminde «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» (DoS) mümkinçiligini berýän gowşaklyklary (CVE-2021-1586, CVE-2022-20653) aýyrmak üçin çykarylan howpsuzlyk maslahatlary täzeledi. Ähli düzedilen gowşaklyklar barada giňişleýin maglumaty Cisco howpsuzlyk sahypasynda görüp bilersiňiz - cisco.com.
28 Fewral 2022