Adobe önümlerinde howpsuzlyk gowşaklygy aýyrdy
Adobe kompaniýasy Adobe Commerce we Magento önümlerinde ýüze çykarylan ikinji gowşaklygy (CVE-2022-24087) aýyrmak üçin howpsuzlyk maslahatyny täzeden neşir etdi. Ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda erkin kod ýerine ýetirmek üçin bu gowşaklykdan peýdalanyp biler. Programma döredijileri bu gowşaklygy aýyrmak üçin Adobe Commerce we Magento Open Source önümleri üçin goşmaça täzelenmeler çykardylar.
Ulanyjylara Adobe kompaniýanyň aşakda görkezilen howpsuzlyk maslahaty bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär:
Adobe Commerce-APSB22-12
23 Fewral 2022