Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Cisco howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Cisco birnäçe önümleriniň gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy gowşak ulgamy dolandyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler.

Bu täzelenmeleri çykarmak bilen, Cisco kompaniýasy Cisco IOS XR, Cisco IOS XE SD-WAN programma üpjünçiliginde we Cisco Email Security Appliance önüminde birnäçe ýokary derejede howply gowşaklyklary (CVE-2021-34718, CVE-2021-1529, CVE-2022-20653) aýyrdy. Bu gowşaklyklaryň ulanylmagy ýaramaz niýetli ulanyjy üçin gowşak ulgamda islendik faýl ýazmak we okamak, root hukuklary bilen islendik buýruklary ýerine ýetirmek, «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» (DoS) ýagdaýyny getirmek mümkinçilikleri berip bilýär.

Şeýle hem, Cisco kompaniýasy Cisco StarOS programma üpjünçiliginde, Cisco Prime Infrastructure, Cisco Evolved Programmable Network (EPN) Manager önümlerinde birnäçe orta derejede howply gowşaklyklary (CVE-2022-20750, CVE-2022-20659) üçin düzedişleri çykardy. Ähli düzedilen gowşaklyklar barada giňişleýin maglumaty Cisco howpsuzlyk sahypasynda görüp bilersiňiz - cisco.com.

22 Fewral 2022

-
97