Google kompaniýasy Chrome brauzeriň 0-day gowşaklygyny aýyrdy
Google kompaniýasy Chrome brauzerinde işjeň ulanylýan 0-day gowşaklygyny aýyrdy. Düýn agşam ähli Windows, macOS we Linux ulanyjylary howply gowşaklygy düzedýän Chrome 88.0.4324.150 wersiýasyny alan bolmaklary mümkin.
Gowşaklyk CVE-2021-21148 belgisi bilen bellenip, örän howply diýip kesgitlenildi. Google wekilleri kiberhadysalarda ulanylýan bu gowşaklygyň eksploity bardygyny bellediler.
Mälim bolşuna görä, howpsuzlyk meselesi barada gözlegçi Matias Býulens habar berdi. Ol tapylan gowşaklyk barada giňişleýin maglumaty 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň 24-ne Google kompaniýasyna iberdi.
Beýan edilmegine görä, bu gowşaklyk buferiň aşa dolmagyna getirip, V8 hereketlendirijisine täsir edýär.
Çeşme: anti-malware.ru
05 Fewral 2021