Çarşenbe, 09 Iýul 2025

VMware howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

VMware önümlerinde birnäçe gowşaklyklar (CVE-2021-22040, CVE-2021-22041, CVE-2021-22042, CVE-2021-22043, CVE-2021-22050, CVE-2022-22945) ýüze çykaryldy. Ýaramaz niýetli ulanyjy uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, hukuklary artdyrmak, «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyny getirmek we islendik buýruklary ýerine ýetirmek üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler. Vmware iki sany täze howpsuzlyk maslahatlary çykardy:

VMSA-2022-0004 - VMware ESXi, Workstation we Fusion önümleriniň gowşaklyklary;

VMSA-2022-0005 - vSphere üçin VMware NSX Data Center önüminiň gowşaklygy.

Şeýle hem, VMware kompaniýasy VMware Cloud Foundation platformanyň maglumatlary aýan etmek gowşaklygy (CVE-2022-22939) aýyrmak üçin howpsuzlyk maslahatyny täzeledi - VMSA-2022-0003.1.

 

Çeşme: vmware.com

16 Fewral 2022

-
89