Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy
Google kompaniýasy Windows, Mac we Linux ulgamlary üçin Chrome 98.0.4758.102 wersiýasyny çykardy. Bu wersiýa ýaramaz niýetli ulanyjynyň gowşak ulgamy dolandyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin ulanyp bilýän gowşaklyklary aýyrýar. Bu täzelenme 11 sany howpsuzlyk gowşaklyklary düzedýär, şol sanda ulanyşda bolan 0-day gowşaklygy (CVE-2022-0609) aýyrýar.
Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär – googleblog.com.
15 Fewral 2022