Çarşenbe, 09 Iýul 2025

PHP Everywhere plaginiň gowşaklyklary müňlerçe WordPress saýtlara howp salýarlar

Gözlegçiler WordPress üçin niýetlenen 'PHP Everywhere' plagininde üç sany uzaklykdan kod ýerine ýetirmek (RCE) gowşaklyklary ýüze çykardylar, bu plagin dünýä boýunça 30 müňden gowrak web-saýtlar tarapyndan ulanylýar.

Bu gowşaklyklar (CVE-2022-24663, CVE-2022-24664, CVE-2022-24665) Wordfence howpsuzlyk analitikleri tarapyndan ýüze çykaryldy. Gowşaklyklar 'PHP Everywhere' WordPress plaginiň ähli wersiýalaryna, ýagny 2.0.3 we has irki wersiýalaryna täsir edýärler.

Programma dörediji 2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň 10-na 'PHP Everywhere' plaginiň 3.0.0 wersiýasy bilen howpsuzlyk täzelenmesini çykardy.

Çeşme: bleepingcomputer.com

11 Fewral 2022

-
128