Microsoft kompaniýasy 2022-nji ýylyň fewral aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Microsoft kompaniýasy programma üpjünçiliginiň birnäçe gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Microsoft 2022-nji ýylyň fewral aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde 48 sany gowşaklyklary düzetdi.
Düzedilen gowşaklyklaryň arasyndan 16 sany gowşaklyk – hukuklary artdyrmak, 3 – howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek, 16 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 5 – maglumatlary aýan etmek, 5 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we 3 - spoofing amala aşyrmak mümkinçilikleri berýärler.
Şeýle hem, 2022-nji ýylyň fewral aýynyň «Sişenbe düzedişleri» bir sany 0-day gowşaklygy üçin düzedişi öz içine alýar, bu gowşaklyk:
CVE-2022-21989 - Windows ýadronyň hukuklary artdyrmak gowşaklygy
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2022-nji ýylyň fewral aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz – microsoft.com.
Çeşme: bleepingcomputer.com
09 Fewral 2022