Çarşenbe, 09 Iýul 2025

2022-nji ýylyň fewral aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzedýärler

Google kompaniýasy 2022-nji ýylyň fewral aýynyň howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly gowşaklyklary, şol sanda iki sany örän howply gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.

Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2022-02-01) çykmagy bilen jemi 15 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklar Framework, Media Framework, System düzüm böleklerinde düzedildi. Bu gowşaklyklara on bir sany hukuklary artdyrmak, üç sany maglumatlary aýan etmek gowşaklyklary we bir sany "Hyzmat etmekden ýüz öwürmek" ýagdaýyna getirmek (DoS) mümkinçiligini berýän gowşaklygy girýärler.

2022-nji ýylyň fewral aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi (2022-02-05) System, Amlogic, MediaTek, Unisoc we Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 21 sany gowşaklyklary üçin düzedişleri öz içine alýar.

Şeýle hem, Google kompaniýasy Pixel enjamlary üçin düzedişleri çykaryp, Pixel we Qualcomm düzüm böleklerinde dört sany howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrandygy barada habar berdi.

08 Fewral 2022

-
151