Google Chrome brauzeriň ýalňyşlygy düzedildi
Google Chrome brauzeriň ýalňyşlygy düzedildi, bu ýalňyşlyk sebäpli Windows 10 ulgamynda gurnalan antiwirus programmalary brauzer tarapyndan döredilen faýllary petikläp bilýärdiler. Ulanyjylar öň, meselem, Chrome-da aýratyn bellenilen sahypalary goşanlarynda, howpsuzlyk programma üpjünçiliginiň düşnüksiz işläp başlamagy barada belläp geçdiler.
Adatça, antiwirus programmalary täze faýllaryň zyýanly bolup ýa-da bolmadygyny barlamak we zerur bolsa aýry saklamak üçin ätiýaçlyk çäre hökmünde olary petikleýärler.
Bu çemeleşme Windows 10 ulgamy bilen işleýän kompýuterlerde Google Chrome tarapyndan döredilen faýllar bilen baglanyşykly meseleler döretdi. Mälim bolşy ýaly, ýalňyşlyk "ImportantFileWriter" funksiýasy ulanylanda ýüze çykýar.
Aslynda, Windows 10 ulanyjylary Chrome brauzerinde aýratyn bellenilen sahypalary goşup bilmeýärdiler ýa-da faýl ugratmakda kynçylyk çekýärdiler. Windows Latest atly habarlar saýtynyň maglumatlaryna görä, Chromium döredijileri Chrome brauzeriň ýalňyşlygyny düzetdiler, indiden beýläk brauzer bilen Windows 10 ulgamynda gurnalan antiwirus programmalaryň arasynda mesele döremeýär.
Çeşme: anti-malware.ru
05 Ýanwar 2021