Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Cisco birnäçe önümleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Cisco kompaniýasy birnäçe önümlerin gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini köpçülige çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy gowşak ulgamy dolandyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp bilýär.

Bu täzelenmeleri çykarmak bilen, Cisco kompaniýasy Cisco Small Business RV160, RV260, RV340 we RV345 tapgyrly routerleriň birnäçe howply gowşaklyklaryny düzetdi. Bu gowşaklyklaryň ulanylmagy ýaramaz niýetli ulanyjy üçin islendik kod ýa-da buýruklary ýerine ýetirmek, hukuklary artdyrmak, autentifikasiýa barlagy aýlanyp geçmek, gol çekilmedik programma üpjünçiligini alyp, işletmek ýa-da ulgamda «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» (DoS) ýagdaýyny getirmek mümkinçilikleri berip bilýär. Cisco kompaniýasy Cisco Small Business RV tapgyrly routerleriň gowşaklyklaryny aýyrmak üçin programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykardy - cisco-sa-smb-mult-vuln-KA9PK6D.

Şeýle hem, Cisco kompaniýasy Cisco Content Security Management Appliance, Cisco Web Security Appliance, Cisco Umbrella Secure Web Gateway, Cisco DNA Center, Cisco Prime Service Catalog önümlerinde birnäçe orta derejede howply gowşaklyklary üçin düzedişleri çykardy. Ähli düzedilen gowşaklyklar barada giňişleýin maglumaty Cisco howpsuzlyk sahypasynda görüp bilersiňiz – cisco.com.

04 Fewral 2022

-
102