ESET kompaniýasy Windows ulgamy üçin niýetlenen önümlerinde howply gowşaklygy aýyrdy
ESET antiwirus kompaniýasy hukuklary artdyrmak gowşaklygy üçin düzedişleri çykardy. Neşir edilen maglumata görä, bu mesele ähli Windows programmalaryna, şol sanda ESET NOD32 antiwirus paketine täsir edýär.
Howpsuzlyk meselesi ESET antiwirus kompaniýanyň aşakda görkezilen önümlerine täsir edýär: ESET NOD32 Antivirus, ESET Internet Security, ESET Smart Security we ESET Smart Security Premium, Windows üçin ESET Endpoint Antivirus we ESET Endpoint Security, Windows Server üçin ESET Server Security we ESET File Security, Azure üçin ESET Server Security, SharePoint Server üçin ESET Security, şeýle hem IBM Domino we Exchange Server üçin ESET Mail Security.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty ESET kompaniýanyň sahypasynda görüp bilersiňiz – eset.com.
03 Fewral 2022