Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Google Play dükanda ýerleşdirilen 2FA bank troýany 10 müňe golaý Android enjamlaryna ýaýrady

Iki tapgyrly autentifikasiýa üçin niýetlenen programma üpjünçiligi hökmünde görünýän bank troýany resmi Google Play dükanda iki hepdeden bäri ýaýraýardy. Bu programma üpjünçiligi 10 müňden gowrak ulanyjylar tarapyndan ýüklenip alyndy.

Programma hakykatdan hem beýan edilen funksiýa - 2FA autentifikasiýa funksiýasy bilen üpjün edýär. Emma bu funksiýadan daşary, programmany ýükläp alan ulanyjy hasaba alyş maglumatlary ogurlamaga synanyşýan Vultur zyýanly programma üpjünçiligi hem ýükleýär.

Pradeo kompaniýanyň gözlegçileri «2FA Authenticator» atly programmany ýükläp alan ulanyjylara enjamlaryndan aýyrmagy maslahat berýärler. Bu maglumat ogurlaýan programma diňe login we açar sözlerinden daşary, beýleki zyýanly hereketleri ýerine ýetirmek üçin ulgamda goşmaça rugsatlary hem soraýar.

Bu programma ýüklenmeginden soňra, ulgama maliýe maglumatlary ogurlamak üçin niýetlenen Vultur atly bank troýany gurnaýar. Şeýle hem, zyýanly programmanyň has giňişleýin mümkinçilikleri bar, olaryň arasynda ulanyjynyň geolokasiýa maglumatlaryny tutup almak, enjamda açar söz bilen üpjün edilen goragyny öçürmek, başga şübheli programmalary ýükläp almak we enjamy doly ele geçirmek.

Çeşme: anti-malware.ru

01 Fewral 2022

-
133