Vmware birnäçe önümleri üçin howpsuzlyk maslahatyny çykardy
Vmware kompaniýasy Windows ulgamy üçin niýetlenen Vmware Horizon Client we VMware Workstation önümleriniň «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyny getirýän gowşaklygy (CVE-2022-22938)aýyrmak üçin howpsuzlyk maslahaty köpçülige çykardy. CVE-2022-22938 gowşaklygy üçin düzedişleri we wagtlaýyn çözgütleri bu howpsuzlyk maslahatda tapyp bilersiňiz - VMSA-2022-0002.
Şeýle hem, Vmware kompaniýasy Vmware önümlerine täsir edýän Apache Log4j kitaphanasynyň uzaklykdan kod ýerine ýetirmek gowşaklyklary (CVE-2021-44228, CVE-2021-45046) aýyrmak üçin niýetlenen howpsuzlyk maslahaty täzeledi. Gowşak Vmware önümleriniň doly sanawy, şeýle hem düzedişleri we wagtlaýyn çözgütleri howpsuzlyk maslahatda görüp bilersiňiz - VMSA-2021-0028.9.
26 Ýanwar 2022