Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Cisco birnäçe önümleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Cisco kompaniýasy birnäçe önümleriniň gowşaklyklaryny (CVE-2022-20648, CVE-2022-20649, CVE-2022-20654, CVE-2022-20655, CVE-2022-20685) aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini köpçülige çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy uzaklykdan nyşana alnan ulgamda «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyny getirmek, gizlin maglumatlary aýan etmek, kod ýerine ýetirmek üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler.

Şeýle hem, Cisco kompaniýasy Cisco Small Business 220 tapgyrly akylly swiçleriň gowşaklyklaryny we Cisco önümlerine täsir edýän Apache HTTP-serwer gowşaklyklary aýyrmak üçin çykarylan howpsuzlyk maslahatlaryny täzeledi.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Cisco howpsuzlyk maslahatlarynda görüp bilersiňiz – cisco.com.

24 Ýanwar 2022

-
91