Cisco birnäçe önümleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Cisco kompaniýasy birnäçe önümleriniň gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini köpçülige çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy gowşak ulgamy dolandyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp bilýär.
Bu täzelenmeleriň çäginde Cisco Unified Contact Center Management Portal (Unified CCMP) we Cisco Unified Contact Center Domain Manager (Unified CCDM) web-dolandyryş interfeýsinde örän howply gowşaklygy aýyrýan düzedişler çykaryldy. Ýaramaz niýetli ulanyjy hukuklaryny administrator derejesine artdyrmak üçin bu gowşaklykdan peýdalanyp biler - CVE-2022-20658.
Şeýle hem, Cisco kompaniýasy birnäçe orta derejede howply gowşaklyklary üçin düzedişleri çykardy. Ähli düzedilen gowşaklyklar barada giňişleýin maglumaty Cisco howpsuzlyk sahypasynda görüp bilersiňiz – cisco.com.
14 Ýanwar 2022