Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Node.js döredijileri 2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardylar

Node.js döredijileri birnäçe gowşaklyklary (CVE-2021-44531, CVE-2021-44532, CVE-2021-44533, CVE-2022-21824) aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardylar. Ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, howpsuzlyk çäklendirmelerinden aýlanyp geçmek üçin bu gowşaklyklardan peýdalanyp biler. Gowşaklyklar Node.js v17.3.1 (häzirki wersiýa), Node.js v12.22.9 (LTS), Node.js v14.18.3 (LTS), Node.js v16.13.2 (LTS) wersiýalarynda düzedildi.

Çeşme: nodejs.org

14 Ýanwar 2022

-
75