Apple howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Apple kompaniýasy HomeKit bilen işleýän iPhone we iPad enjamlaryny düýbünden öçürýän we doorLock diýip atlandyrylýan «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» (DoS) gowşaklygy (CVE-2022-22588) aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Apple bu howply gowşaklygy iOS 15.2.1 we iPadOS 15.2.1 wersiýalarynda aýyrdy. Howpsuzlyk täzelenmeleri iPhone 6s we soňky çykan wersiýalary, iPad Pro (ähli modeller), iPad Air 2 we soňky çykan wersiýalary, iPad 5-nji nesil we soňky çykan wersiýalary, iPad mini 4 we soňky çykan wersiýalary, şeýle hem iPod touch (7-nji nesil) ýaly enjamlar üçin çykaryldy.
Gowşaklyk we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Apple howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz - iOS 15.2.1 and iPadOS 15.2.1.
13 Ýanwar 2022