Citrix howpsuzlyk täzelenmesini çykardy
Citrix kompaniýasy Linux üçin niýetlenen Citrix Workspace app programma üpjünçiligine täsir edýän gowşaklygy (CVE-2022-21825) aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy. Gowşaklygyň ulanylmagy lokal ulanyja Linux üçin niýetlenen Citrix Workspace programma üpjünçiliginiň işläp duran kompýuterde root hukuklary gazanmak mümkinçiligini berýär. Citrix kompaniýasy degişli ulanyjylara Citrix Workspace App for Linux 2112 ýa-da soňky çykan wersiýasyna täzelemegi berk maslahat berýär.
Ulanyjylara Citrix howpsuzlyk maslahaty bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmesini gurnamagy maslahat berilýär - citrix.com.
13 Ýanwar 2022