Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Google kompaniýasy Chrome brauzeriň 0Day-gowşaklygyny düzetdi

Google kompaniýasy 2021-nji ýylyň mart aýynyň 2-ne Windows, Mac we Linux ulanyjylary üçin niýetlenen Chrome brauzeriniň 89.0.4389.72 wersiýasynda ulanyşda bolan 0Day-gowşaklygy (CVE-2021-21166) düzetdi. Chrome brauzeriň bu wersiýasynda ýene 47 sany howpsuzlyk gowşaklyklary hem düzedildi.

Google hünärmenleri ýüze çykarylan 0Day-gowşaklygy örän howply diýip kesgitlediler. Kompaniýanyň habaryna görä, bu mesele audio düzüm böleginde saklanýar. Bu gowşaklyk geçen aý howpsuzlyk gözlegçi Elison Hafman (Alison Huffman) tarapyndan ýüze çykaryldy.

Windows, Linux we macOS ulanyjylara Chrome 89.0.4389.72 wersiýasyny gyssagly gurnamak maslahat berilýär.

Gowşaklyklar we täzelenme barada goşmaça maglumaty şu salgy boýunça görüp bilersiňiz: googleblog.com

03 Mart 2021

-
72