Microsoft Edge täzelenmesi köp sanly gowşaklyklary düzetdi
Microsoft Edge brauzeri Microsoft kompaniýasy tarapyndan döredilen Chromium esasyndaky internet brauzeri bolup, deslapky görnüşde ähli täze Windows kompýuterlerinde gurnalýar. Microsoft Edge brauzeriň köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary ýüze çykaryldy. Ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, howpsuzlyk çäklendirmelerinden aýlanyp geçmek we hukuklary artdyrmak üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler. Gowşaklyklar Microsoft Edge 97.0.1072.55 wersiýasyna çenli çykan ähli wersiýalara täsir edýärler.
Çeşme: microsoft.com
07 Ýanwar 2022