2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzedýärler
Google kompaniýasy 2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly gowşaklyklary, şol sanda bir sany örän howply gowşaklygy aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.
Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2022-01-01) çykmagy bilen jemi 16 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklar Framework, Media Framework, System düzüm böleklerinde düzedildi. Bu gowşaklyklara on bir sany hukuklary artdyrmak, üç sany maglumatlary aýan etmek gowşaklyklary we iki sany "Hyzmat etmekden ýüz öwürmek" ýagdaýyna getirmek (DoS) mümkinçiligini berýän gowşaklyklary girýärler.
2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi (2022-01-05) Android-programmalary ýerine ýetirmek gurşawynda (Android runtime), şeýle hem Kernel, MediaTek, Unisoc we Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 19 sany gowşaklyklary üçin düzedişleri öz içine alýar.
Şeýle hem, Google kompaniýasy Pixel enjamlary üçin düzedişleri çykaryp, Pixel we Qualcomm düzüm böleklerinde köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrandygy barada habar berdi.
06 Ýanwar 2022