Apple iOS ulgamy «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» gowşaklygy saklaýar
Apple HomeKit programma üpjünçiliginiň «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» gowşaklygy ýüze çykaryldy, bu gowşaklyk «doorLock» diýip atlandyrylyp, iOS ulgamynyň 14.7-den 15.2 çenli ähli wersiýalaryna täsir edýär.
Apple HomeKit - bu iPhone we iPad ulanyjylaryna akylly öý enjamlaryny dolandyrmaga mümkinçilik berýän programma üpjünçiligi bolup durýar.
Bu gowşaklyk barada giňişleýin maglumaty beren howpsuzlyk gözlegçi Trewor Spiniolasyň sözlerine görä, bu ýalňyşlyk iOS enjamlaryny petiklemek üçin ulanylyp, enjamy ulanyp bolmajak ýagdaýa getirip bilýär.
Apple kompaniýasy bu ýalňyşlygy indiki çykaryljak howpsuzlyk täzelenmesiniň kömegi bilen «2022-nji ýylyň başynda» düzetmäge meýilleşdirýär.
Çeşme: bleepingcomputer.com
04 Ýanwar 2022