Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Intel kompaniýasy Windows 10 üçin niýetlenen draýwerlerinde BSOD meselesini aýyrdy

Intel kompaniýasy Windows 10 operasion ulgamynyň işini togtadyp, gök ekrany görkezýän (BSOD) Wi-Fi we Bluetooth draýwerleriň ýalňyşlyklaryny düzetdi. Şeýle hem, bu ýalňyşlyklar Bluetooth arkaly baglanan enjamlaryň işinde bökdençlik döredýärdiler.

Ulanyjylara gysga wagtyň içinde Wi-Fi we Bluetooth draýwerleriň ýamalaryny gurnamak maslahat berilýär. Täzelenmeler beýan edilen ýalňyşlyklardan daşary, birnäçe howpsuzlyk meselelerini hem düzedýärler.

Intel hünärmenleri täzelenmede düzedilen ýene bir ýalňyşlyk barada beýan etdiler, ýagny enjam giriş nokady bilen baglanyşyk gurmak üçin synanyşanda 5GHz toruna baglanyp bilmeýärdi.

Programma döredijileri fewral aýynda 57 sany gowşaklyklary, şol sanda örän howply Intel grafiki draýwerleriň gowşaklyklaryny hem düzetdiler.

Şeýle hem, Apple kompaniýasy fewral aýynyň başynda kod ýerine ýetirmek mümkinçiligini berýän Intel grafiki draýwerleriň gowşaklyklaryny düzetdi. Microsoft kompaniýasy hem öz gezeginde fewral aýynda kompýuteriň Wi-Fi toruna baglanyşyk guranda ýüze çykýan BSOD meselesini düzetmek üçin Windows 10 ulgamy üçin gyssagly düzedişi çykardy.

Çeşme: anti-malware.ru

01 Mart 2021

-
78