Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Intel, Nvidia we Microsoft önümleri Log4Shell gowşaklygy saklaýarlar

Mälim bolşuna görä, täzelikde ýüze çykarylan açyk düýp kodly Java Log4j kitaphanasynyň Log4Shell gowşaklygyň ulanylmagy uzaklykdan ulgamda buýruklary ýerine ýetirmek mümkinçiligini berýär.

Bu mesele Intel, NVIDIA we Microsoft ýaly kompaniýalara hem öz täsirini ýetirdi. Häzirki wagtda Intel kompaniýasy gowşaklygy saklaýan önümlerini belläp geçdi. Kompaniýa Log4Shell gowşaklygy aýyrmak üçin programma üpjünçiliginiň düzedilen wersiýalaryny çykarmagyň üstünde işleýär.

Şeýle hem, Nvidia programma üpjünçiliginiň köne wersiýalary ulanylyp, Log4Shell gowşaklygy saklaýan dört sany önümlerini belläp geçdi: CUDA Toolkit Visual Profiler and Nsight Eclipse Edition, DGX Systems, NetQ we vGPU Software License Server.

Microsoft kompaniýasy Log4Shell gowşaklygyny saklaýan iki sany önümleri üçin täzelenmeleri çykardy: Azure Spring Cloud we Microsoft Azure DevOps.

Çeşme: securitylab.ru

23 Dekabr 2021

-
97