Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Vmware birnäçe önümleri üçin howpsuzlyk maslahatlaryny çykardy

Vmware kompaniýasy birnäçe önümleriniň gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk maslahatlaryny köpçülige çykardy. Birinji howpsuzlyk maslahaty Vmware önümlerine täsir edýän Apache Log4j kitaphanasynyň uzaklykdan kod ýerine ýetirmek gowşaklygy (CVE-2021-44228, CVE-2021-45046) üçin neşir edildi. Gowşak Vmware önümleriniň doly sanawy, şeýle hem düzedişleri we wagtlaýyn çözgütleri howpsuzlyk maslahatda görüp bilersiňiz - VMSA-2021-0028.

Ikinji howpsuzlyk maslahaty VMware Workspace ONE UEM önüminiň SSRF gowşaklygy, ýagny serwer tarapyndan galp ýüzlenmeleri ibermek gowşaklygy (CVE-2021-22054) barada beýan edýär. VMware bu gowşaklyk üçin CVSSv3-görkezijisi boýunça 9.1 derejesini berdi. Ýaramaz niýetli ulanyjy gizlin maglumatlary almak üçin bu gowşaklykdan peýdalanyp biler. CVE-2021-22054 gowşaklygy üçin düzedişleri we wagtlaýyn çözgütleri howpsuzlyk maslahatda tapyp bilersiňiz - VMSA-2021-0029.

Şeýle hem, Vmware kompaniýasy VMware Workspace ONE Access, Identity Manager, vRealize Automation önümleriniň birnäçe gowşaklyklaryny (CVE-2021-22056, CVE-2021-22057) aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy - VMSA-2021-0030.

20 Dekabr 2021

-
91