Siemens we Schneider Electric köp sanly gowşaklyklary aýyrdylar
Siemens we Schneider Electric önümlerine täsir edýän köp sanly gowşaklyklary aýyrmak üçin howpsuzlyk maslahatlary çykardylar.
Öndürijiler düzedişler, howpy azaltmak boýunça çäreler we umumy howpsuzlyk maslahatlary bilen üpjün etdiler.
Siemens kompaniýasy 15 sany täze howpsuzlyk maslahatlary we 7 sany täzelenen howpsuzlyk maslahatlary, şol sanda Siemens önümlerine täsir edýän Apache log4j kitaphanasynyň gowşaklygy (Log4Shell, CVE-2021-44228, CVE-2021-45046) boýunça maslahaty çykardy.
Şeýle hem, Schneider Electric kompaniýasy 5 sany täze howpsuzlyk maslahatlary we 2 sany täzelenen maslahatlary, şol sanda Apache log4j kitaphanasynyň gowşaklygy (Log4Shell, CVE-2021-44228, CVE-2021-45046) boýunça maslahaty çykardy.
16 Dekabr 2021