Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Apache döredijileri Log4j kitaphanasynyň gowşaklygy üçin ikinji düzedişi çykardylar

Apache Software Foundation guramasy Log4j kitaphanasynyň täzelikde bilnen Log4Shell gowşaklygy üçin çykarylan düzediş "deslapky görnüşde goýlan sazlamalardan tapawut berýän käbir sazlamalarda doly aýyrmaýar" diýip netijä gelip, Log4j üçin täze düzedişi çykardy.

Ikinji gowşaklyk üçin CVE-2021-45046 identifikatory bilen CVSS-görkezijisi boýunça 3,7 derejesi berildi. Bu gowşaklyk Log4j 2.0-beta9-dan 2.12.1 çenli we 2.13.0-den 2.15.0 çenli ähli wersiýalaryna täsir edýär.

Bu mesele Log4j 2.12.2 we Log4j 2.16.0 wersiýalarynda düzedildi.

Gowşaklyk we täzelenme barada goşmaça maglumaty Apache täzelenmesi baradaky habarynda görüp bilersiňiz – apache.org.

15 Dekabr 2021

-
130