Microsoft kompaniýasy 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Microsoft kompaniýasy programma üpjünçiliginiň birnäçe gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Microsoft 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde 67 sany gowşaklyklary düzetdi, olaryň arasynda 7 sany gowşaklyklara örän howply we 60 sany gowşaklyklara howply diýip baha berildi.
Düzedilen gowşaklyklaryň arasyndan 21 sany gowşaklyk – hukuklary artdyrmak, 26 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 10 – maglumatlary aýan etmek, 3 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we 7 - spoofing amala aşyrmak mümkinçilikleri berýärler.
Şeýle hem, 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň «Sişenbe düzedişleri» alty sany 0-day gowşaklyklary üçin düzedişleri öz içine alýar, bu gowşaklyklar:
CVE-2021-43890 - Windows AppX Installer gurnaýjysynda Spoofing amala aşyrmak mümkinçiligini berýän gowşaklyk
CVE-2021-43240 - NTFS düzüm böleginde hukuklary artdyrmak gowşaklygy
CVE-2021-41333 - Windows Print Spooler, ýagny çap etmek hyzmatynyň hukuklary artdyrmak gowşaklygy
CVE-2021-43880 - Windows MDM düzüm böleginde hukuklary artdyrmak gowşaklygy
CVE-2021-43883 - Windows Installer gurnaýjysynda hukuklary artdyrmak gowşaklygy
CVE-2021-43893 - Windows EFS düzüm böleginde hukuklary artdyrmak gowşaklygy.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz – microsoft.com.
Çeşme: bleepingcomputer.com
15 Dekabr 2021