Çarşenbe, 09 Iýul 2025

1,6 million WordPress-saýtlara gönükdirilen kiberhadysalar barada mälim boldy

Wordfence kompaniýanyň gözlegçileri täzelikde 1,6 million WordPress-saýtlara gönükdirilen kiberhadysalary ýüze çykardylar. Bu zyýanly hereket 16,000 IP-salagylardan gelip çykýar.

Ýaramaz niýetli ulanyjylar dört sany WordPress plaginleriň we 15 sany Epsilon Framework temalaryň gowşaklyklaryndan peýdalanýarlar, bu temalaryň biri üçin howpsuzlyk düzedişi häzirki wagtda çykarylmadyk.

Gowşak plaginleriň birnäçesi üçin ýamalar 2018-nji ýylda, beýleki plaginler üçin bolsa täzelikde çykaryldy. Gowşak plaginler: PublishPress Capabilities, Kiwi Social Plugin, Pinterest Automatic we WordPress Automatic.

Gowşak Epsilon Framework temalary: Shapely, NewsMag, Activello, Illdy, Allegiant, Newspaper X, Pixova Lite, Brilliance, MedZone Lite, Regina Lite, Transcend, Affluent, Bonkers, Antreas we NatureMag Lite (düzedişi ýok).

Bilermenler ulanyjylara plaginleri we temalary gysga wagtda täzelemegi maslahat berýärler. Şeýle hem, NatureMag Lite temasy ulanylýan bolsa, onuň üçin düzedişi bolmadygy sebäpli, bu temany aýyrmagy maslahat berilýär.

Çeşme: securitylab.ru

14 Dekabr 2021

-
81