2021-nji ýylyň dekabr aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzedýärler
Google kompaniýasy 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly gowşaklyklary, şol sanda alty sany örän howply gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.
Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2021-12-01) çykmagy bilen jemi 15 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklar Framework, Media Framework, System düzüm böleklerinde düzedildi. Bu gowşaklyklara ýedi sany hukuklary artdyrmak, bäş sany maglumatlary aýan etmek gowşaklyklary we iki sany "Hyzmat etmekden ýüz öwürmek" ýagdaýyna getirmek (DoS) mümkinçiligini berýän gowşaklyklary we bir sany uzaklykdan kod ýerine ýetirmek gowşaklygy girýärler.
2021-nji ýylyň dekabr aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi (2021-12-05) Media Framework, Kernel, MediaTek we Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 31 sany gowşaklyklary üçin düzedişleri öz içine alýar.
Şeýle hem, Google kompaniýasy Pixel enjamlary üçin düzedişleri çykaryp, Framework, Media Framework, Messaging, System, Kernel, Pixel we Qualcomm düzüm böleklerinde köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrandygy barada habar berdi.
08 Dekabr 2021