Cisco kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Cisco kompaniýasy Application Services Engine platformasynda gurnalan Cisco ACI Multi-Site Orchestrator (MSO) önüminde autentifikasiýa barlagyny aýlanyp geçmek mümkinçiligini berýän örän howply gowşaklygy düzetdi.
Gowşaklyk (CVE-2021-1388 belgisi bilen CVSS görkezijisi boýunça 10 dereje berildi) diňe Cisco Application Services Engine platformasynda işledilýän Cisco ACI MSO 3.0 wersiýasyna täsir edýär. Ähli ulanyjylara gurnamalaryny Cisco ACI MSO 3.0 (3m) wersiýasyna gysga wagtyň içinde täzelemek maslahat berilýär.
Şeýle hem, Cisco kompaniýasy Cisco Application Services Engine platformasynda awtorlaşdyrylmadyk ulanyjy üçin girmek mümkinçiligini berýän örän howply gowşaklyklary (CVE-2021-1393, CVE-2021-1396) düzetdi. Cisco kompaniýasy Cisco FXOS, Cisco NX-OS önümlerine täsir edýän howpsuzlyk gowşaklyklaryny hem düzetdi.
Cisco kompaniýasy tarapyndan düzedilen howpsuzlyk gowşaklyklaryň doly sanawyny kompaniýanyň howpsuzlyk maslahatynyň sahypasynda görüp bilersiňiz - cisco.com
Çeşme: bleepingcomputer.com
25 Fewral 2021