Zyýanly Excel XLL faýllary açar sözleri ogurlaýan RedLine zyýanly programma üpjünçiligini ýaýradýarlar
Ýaramaz niýetli ulanyjylar RedLine atly açar sözleri we maglumatlary ogurlaýan zyýanly programma üpjünçiligi ýükleýän Excel XLL faýllaryny ýaýratmak üçin web-saýtlaryň habarlaşmak üçin niýetlenen bölümleriň we pikir alyşmak üçin forumlaryň üsti bilen spam-hatlary paýlaýarlar. RedLine zyýanly programma üpjünçiligi maglumat ogurlaýan troýan bolup, cookie-faýllary, ulanyjylaryň atlaryny we açar sözlerini, web-brauzerleriň ýadynda saklanýan bank kartlaryň maglumatlary, FTP maglumatlary we gowşak enjamyň faýllaryny ogurlaýar. Şeýle hem, RedLine buýruklary ýerine ýetirmek, beýleki zyýanly programmalary enjama ýükläp, işletmek we Windows-yň işjeň ekranyny surata almak ýaly hereketleri ýerine ýetirip bilýär.
Web-saýtlaryň habarlaşmak üçin niýetlenen bölümlerine galp mahabat ýüzlenmeleri, baýramçylyk sowgatlary boýunça gollanmalar we web-sahypada mahabatlary ýerleşdirmek ýaly dürli fişing-hatlary yzygider ýagdaýda ugradylýardy. Ýaramaz niýetli ulanyjylar zyýanly programma üpjünçiligini gurnaýan zyýanly Excel XLL faýllaryny ýerleşdirmek üçin galp web-saýtlary hem döretdiler.
Çeşme: bleepingcomputer.com
06 Dekabr 2021