Gözlegçiler dokuz sany Wi-Fi-routerleriň 226 gowşaklyklaryny ýüze çykardylar
IoT Inspector howpsuzlyk gözlegçileri tarapyndan geçirilen barlagyň çäginde meşhur öndürijileriň dokuz sany Wi-Fi-routerlerinde 226 sany howpsuzlyk gowşaklyklary ýüze çykaryldy.
TP-Link Archer AX6000 routerinde iň köp mukdarda, ýagny 32 sany howpsuzlyk gowşaklyklary ýüze çykaryldy. Ýüze çykarylan gowşaklyklaryň sany boýunça hatarda ikinji Synology RT-2600ac routeri bolup, onda 30 sany ýalňyşlyklar tapyldy, soňra 29 sany gowşaklyklary bilen Netgear Nighthawk AX12 we 26 sany ýalňyşlyklary bilen D-Link DIR-X5460 routerleri bellenýär.
Şeýle hem, köpçülige çykarylan derňewiň maglumatyna görä, Asus ROG Rapture GT-AX11000 routeriň 25 sany howpsuzlyk ýalňyşlyklary, Edimax BR-6473AX routeriň hem 25 sany ýalňyşlyklary, Linksys Velop MR9600 routeriň 21 sany gowşaklyklary, AVM FritzBox 7530 AX routeriň 20 sany gowşaklyklary we AVM FritzBox 7590 AX routeriň 18 sany howpsuzlyk meseleleri ýüze çykaryldy.
Birnäçe howply gowşaklyklar programma üpjünçiligiň ähli öwrenilen wersiýalarynda köne ýadronyň ulanylmagy, könelişen multimediýa we VPN funksiýalaryň, goragsyz aragatnaşyk protokollaryň we sertifikatlaryň ulanylmagy we açar sözleriň şifrlenmedik görnüşde bolmagy sebäpli saklanýarlar.
Bu netijeler barada ähli öndürijilere habar berildi, öndürijileriň köpüsi eýýäm howply gowşaklyklaryň köp bölegini düzetdiler, galan gowşaklyklar hem düzedilmegi meýilleşdirilýär.
Gözlegçiler ulanyjylara açar sözleri üýtgetmegi, enjamda täzelenmeleri gurnamagy we routerde gerekli bolmadyk funksiýalaryny öçürmegi maslahat berýärler.
Çeşme: securityweek.com
06 Dekabr 2021