Emotet häzirki wagtda galp Adobe Windows programmanyň gurnaýjy paketleriniň kömegi bilen ýaýraýar
Emotet atly zyýanly programma üpjünçiligi häzirki wagtda Adobe PDF programma üpjünçiligi ýaly görünýän zyýanly Windows App Installer paketleriniň üsti bilen ýaýraýar.
Emotet – bu öňden belli bolan zyýanly programma üpjünçiligi bolup, fişing hatlary we zyýanly goşundylary arkaly ýaýraýar. Bu zyýanly programma gurnalandan soň, beýleki zyýanly hereketleri amala aşyrmak üçin ulanyjylaryň elektron hatlaryny ogurlap başlaýar, şeýle hem TrickBot we Qbot ýaly zyýanly programmalary işe girizip, ransomware-programmalaryň kömegi bilen töleg talap etmek ýaly zyýanly hereketleri amala aşyrýar.
Emotet zyýanly programmany ulanýan ýaramaz niýetli ulanyjylar Windows 10 we Windows 11 ulgamlaryň özünde gurnalan App Installer funksiýalaryndan peýdalanýarlar we zyýanly paketleri gurnap, ulgamlarda ýaýradýarlar.
Çeşme: bleepingcomputer.com
02 Dekabr 2021