Çarşenbe, 09 Iýul 2025

HP printeriň gowşaklygy 150 printer modellerine täsir edýär

Gözlegçiler Hewlett Packard kompaniýasy tarapyndan öndürilen azyndan 150 sany köp ugurly (çap etmek, skanirlemek, faks) printerlere täsir edýän birnäçe gowşaklyklary ýüze çykardylar. HP kompaniýasy 2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 1-ne iki sany örän howply gowşaklyklary üçin programma üpjünçiliginiň täzelenmesi görnüşinde düzedişleri çykardy. Birinji gowşaklyk (CVE-2021-39237) maglumatlary aýan etmek mükinçiligini berýär. Ikinji gowşaklyk (CVE-2021-39238) buferiň aşa dolmagyna getirýän gowşaklyk bolup, bu ýalňyşlyk üçin CVSS görkezijisi boýunça 9.3 derejesi berildi. Bu gowşaklyk ýaramaz niýetli ulanyjylara uzaklykdan kod ýerine ýetirmek mümkinçiligini berýär.

Çeşme: bleepingcomputer.com

01 Dekabr 2021

-
100