Google Play Store arkaly ýaýraýan zyýanly programmalar ýüze çykaryldy
ThreatFabric kompaniýanyň bilermenleri Google Play Store dükany arkaly ýaýraýan bank troýanlary 300 müňden gowrak enjamlary zäherländikleri barada anykladylar. Zyýanly programma üpjünçiligi QR-kod skanerleri, PDF-skanerleri, fitnes we iki-faktorly autentifikasiýa programmalary hökmünde ýaýraýardy. Zyýanly programma enjama gurnalandan soňra ýaramaz niýetli ulanyjylaryň serweri bilen maglumatlary alşyp, buýruklara garaşýardy. Bu serwer hem amatly pursatda enjama zyýanly programma üpjünçiligi ýüklemek üçin galp «täzelenmäni» ýükläp almagy bu programma buýurýardy. Soňra zyýanly programma üpjünçiligi ulanyjylaryň hasaba alyş ýazgylaryny ogurlamaga synanyşýardy. 2021-nji ýylyň iýul aýyndan bäri zyýanly programmalar dört sany bank troýanlary ýaýradýarlar: Alien, Hydra, Ermac we Anatsa.
Häzirki wagtda Google bilermenleri Play Store-dan ähli howply programmalary aýyrdylar we ulanyjylara gysga wagtyň içinde bu programmalary enjamlaryndan aýyrmagy maslahat berýärler:
Çeşme: xakep.ru
01 Dekabr 2021