Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Fortinet hukuklary artdyrmak gowşaklyklaryny düzetdi

Fortinet önümlerinde gowşaklyklar ýüze çykaryldy. Ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda öz hukuklaryny artdyrmak üçin bu gowşaklygy ulanyp biler. Gowşaklyk FortiClient 7.0.0, 6.4.6 we ondan öňki wersiýalaryna, şeýle hem FortiClient EMS 7.0.0, 6.4.6 we ondan öňki wersiýalaryna täsir edýär. Fortinet kompaniýasy FortiClient programma üpjünçiligini 7.0.1 we 6.4.7 ýa-da ondan sonky wersiýalaryna, FortiClient EMS programma üpjünçiligini 7.0.1 we 6.4.7 ýa-da ondan sonky wersiýalaryna täzelemegi maslahat berýär.

Çeşme: fortiguard.com

30 Noýabr 2021

-
90