Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Kompýuterlere ýokaşýan täze JavaScript ýükleýjisi ýüze çykaryldy

Ýaramaz niýetli ulanyjylar tarapyndan ulgama uzak aralykdan aralaşmak üçin niýetlenen we birnäçe Troýanlary (RAT) ýaýratmak we maglumatlary ele geçirmek maksady bilen ulanylýan JavaScript zyýanly programma üpjünçiligi ýüze çykaryldy. RATDispenser atly zyýanly programma üpjünçiliginiň STRRAT, WSHRAT (Houdini ýa-da Hworm diýip hem atlandyrylýar), AdWind (başgaça AlienSpy ýa-da Sockrat), Formbook (başgaça xLoader), Remcos (başgaça Socmer), Panda Stealer, CloudEyE (başgaça GuLoader) we Ratty ýaly dürli maksatly zyýanly programma üpjünçilikerini ýaýradýandygy anyklanyldy. Olaryň hersi gowşak enjamdaky gizlin maglumatlary ele geçirmek hem-de kriptowolýuta degişli elektron gapjyklary barada maglumatlary ele geçirmek üçin ulanylýar.

Çeşme: hp.com

26 Noýabr 2021

-
352