Çarşenbe, 09 Iýul 2025

SonicWall kompaniýasy SMA 100 önüminiň 0-day gowşaklygy üçin düzedişini çykardy

Torara ekranlary we VPN-çözgütleri öndürýän SonicWall kompaniýasy geçen aý SMA 100 önüminiň kodunda 0-day gowşaklygyň bardygyny tassyklady. Gysga wagtyň içinde maglumat howpsuzlygy boýunça iş alyp barýan NCC Group kompaniýanyň hünärmenleri gowşaklygyň kiberhadysalarda peýdalanmaga synanyşyklaryň bolýanlygy barada habar berdiler. SonicWall kompaniýasy fewral aýynyň 3-ne 0-day gowşaklygy üçin düzedişi çykaryp, ähli ulanyjylara bu düzedişi gurnamagy maslahat berýärdi. Häzirki wagtda kompaniýa goşmaça gorag çärelerini goşup, programma üpjünçiligiň ikinji täzelenmesini çykardy.

“SonicWall kompaniýasy fewral aýynyň 3-ne programma üpjünçiligiň täzelenmesini çykarmagyndan soňra, SMA 100 tapgyra degişli önümleri, şol sanda SMA 200, 210, 400, 410 önümleri we SMA 500v wirtual enjamy (Azure, AWS, ESXi, HyperV) üçin niýetlenen 10.x we 9.x kody üçin programma üpjünçiligiň täze wersiýalaryny taýyn edendigi barada habar berýär. SonicWall kompaniýasy SMA 100 tapgyra degişli önümleri üçin koduny has-da berkitmek üçin goşmaça derňew işleri geçirdi "- diýip hünärmenler habar berdiler.

SonicWall bu täzelenmesinde haýsy anyk düzedişleriň bardygyny beýan etmeýän bolsa-da, kompaniýa ähli ulanyjylara gysga wagtyň içinde enjamlaryny täzelemeli diýip habar berýär.

Çeşme: securitylab.ru

22 Fewral 2021

-
78