Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Windows Installer hukuklary ýokarlandyrmak gowşaklygy üçin eksploit çykaryldy

Windows 10, Windows 11 we Windows Server programma üpjünçiliklerinde ulanyjynyň lokal hukuklaryny artdyrmaga we administrator hukuklaryny gazanmaga mümkinçilik berýän täze gowşaklyk ýüze çykaryldy. Bu gowşaklygy ulanmaga niýetlenen eksploit internet ulgamynda çykaryldy. Ony ulanmak bilen eýýäm ulgama giren, emma ygtyýarlygy çäkli ýaramaz niýetli ulanyjylar, ulgama doly gözegçilik edip bilerler. Gowşaklyk, Windows ulgamynynyň häzirki wagtda goldanýan ähli wersiýalaryna täsir edýär. Microsoft kompaniýasy 2021-nji ýylyň noýabr aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde, Windows gurnaýjysynyň hukuklaryny ýokarlandyrýan CVE-2021-41379 belgili gowşaklygy düzetdi.

Çeşme: bleepingcomputer.com

24 Noýabr 2021

-
90