Microsoft Edge täzelenmesi köp sanly gowşaklyklary düzetdi
Microsoft Edge brauzeri Chromium esasynda Microsoft kompaniýasy tarapyndan döredilen internet brauzeri bolup, ol ähli täze Windows kompýuterlerinde gurnalýar. Microsoft Edge brauzeriniň köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary ýüze çykaryldy. Uzak aralykdaky ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda uzakdan kod ýerine ýetirmek, howpsuzlyk çäklendirmelerini aýlanyp geçmek we spoofing hereketlerini ýerine ýetirmek üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler. Gowşaklyklar Microsoft Edge 96.0.1054.29 wersiýasyna çenli çykan ähli wersiýalara täsir edýärler.
Çeşme: microsoft.com
23 Noýabr 2021