Seýsmiki gözegçilik enjamlaryň gowşaklyklary ýüze çykaryldy
Internete baglanan seýsmiki enjamlaryň maglumatlary ýygnamak we olary işläp taýýarlamak prosesini bozup biljek kiberhadysalary amala aşyrmak mümkin. Afina şäheriniň milli obserwatoriýasynda işleýän Maýkl Samiosyň habar bermegine görä, şifrlenmedik maglumatlar, goralmadyk protokollar we ulanyjylary barlamak üçin gowşak autentifikasiýa mehanizmleriň ulanylmagy seýsmologiki torlaryna ygtyýarsyz aralaşmak mümkinçiligini artdyrýarlar.
Häzirki zaman seýsmik stansiýalary beýleki enjamlar we ulgamlar bilen internet arkaly baglanyp, maglumatlary alyşýan fiziki enjamlary bolan IoT-stansiýalar hökmünde gurnalan. Bilermenler dürli öndürijilere degişli seýsmograflary, akselerograflary we global nawigasiýa hemra ulgamynyň (GNSS) kabul edijilerini synap görmek üçin geçirilen barlaglaryň netijesinde birnäçe meseleleri ýüze çykardylar.
Gowşaklyklaryň ulanylmagy geofiziki maglumatlary üýtgetmek, maglumatlary ibermek we olary işläp taýýarlamak prosesini haýallatmak ýa-da ýer titremesiniň öňünden duýduryş ulgamlarynyň ýalan maglumatlary bermek mümkinçiligini döredýär, netijede halk seýsmiki gözegçilige bolan ynamyny ýitirýär we bu ýagdaý adatdan daşary we ykdysady çärelere täsir edip bilýär.
Barlaglaryň çäginde gözleg topary köp seýsmologlar tarapyndan ulanylýan SeedLink maglumatlary ibermek hyzmaty arkaly iberilýän seýsmologiki maglumatlary hem tutup almagy başardy. Samiosyň sözlerine görä, SeedLink hyzmatynda maglumatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin zerur bolan birnäçe şifrlemek we autentifikasiýa protokollaryň ýok bolmagy mümkin.
Çeşme: securitylab.ru
19 Fewral 2021