Bütin dünýäde email salgylaryna täze Emotet spam hatlary ugradylýar
Emotet bu spam hatlarynyň üsti bilen goşundy görnüşinde ýaýraýan zyýanly programma üpjünçiligi. Ulanyjy hatyň goşundysyny açan ýagdaýynda zyýanly makroslar ýa-da JavaScript kody Emotet DLL faýlyny PowerShell-iň kömegi bilen kompýuteriň ýadyna ýükleýär.
Zyýanly programma üpjünçiligi ýüklenenden soňra geljekde spam-hatlaryny ýaýratmak üçin ulgamda elektron poçta salgylaryny gözleýär we olary ele geçirýär, başgada ransomware zyýaly programma üpjünçiligini ýaýradýan TrickBot ýa-da Qbot ýaly programma üpjünçiliginiň faýllaryny ýükleýär.
Çeşme: bleepingcomputer.com
17 Noýabr 2021