Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy

Google kompaniýasy Windows, Mac we Linux ulgamlary üçin Chrome 96.0.4664.45 wersiýasyny çykardy. Google Chrome brauzerinde birnäçe gowşaklyklar ýüze çykaryldy. Uzak aralykdaky ýaramaz niýetli ulanyjy bu gowşaklyklardan peýdalanyp nyşana alnan ulgamda uzakdan kod ýerine ýetirmek we howpsuzlyk çäklendirmelerinden aýlanyp geçmek ýaly ulgama aralaşmak usullaryny ulanyp biler. Bu täzelenme 25 sany howpsuzlyk düzedişlerini öz içine alýar.

Chrome öndürijileri ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habar bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berýärler.

Çeşme: googleblog.com

17 Noýabr 2021

-
133