Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Täze Android zyýanly programma üpjünçiligi Netflix, Instagram we Twitter ulanyjylaryny nyşana alýar

MasterFred diýlip atlandyrylýan täze Android zyýanly programma üpjünçiligi, Netflix, Instagram we Twitter ulanyjylarynyň kredit kartlarynyň maglumatlaryny ogurlamak üçin galp giriş sahypalaryny ulanýar. Bu täze Android bank trojany, dürli dillerde döredilen giriş sahypalaryň (login overlays) kömegi bilen bank müşderilerini hem nyşana alýar.

Avast kompanisynyň gözlegçileri zyýanly programmanyň Android programma üpjünçiliginde gurnalan Android Accessibility gurallar toplumynyň kömegi arkaly, galp giriş sahypalaryny ulanyp bilinjekdigini ýüze çykardylar.

Çeşme: bleepingcomputer.com

11 Noýabr 2021

-
345