Samsung smartfonlaryna administrator hukuklary bilen keseki programma üpjünçiligi gurnamak mümkin
Android operasion ulgamynyň howpsuzlygy boýunça iş alyp barýan Oversecured kompaniýasynyň esaslandyryjysy, şeýle hem howpsuzlyk boýunça gözlegçi Sergeý Toşin Samsung smartfonlarynda iki sany gowşaklygyň tapylandygy barada habar berdi. Gowşaklygyň birinjisi keseki programmalary gurnap, olary enjamyň administratorynyň hukuklary bilen üpjün etmek mümkinçiligini berýär.
“Samsung enjamlarynyň ählisiniň 0-day gowşaklygy: keseki programmalary gurnaýar hem-de olary enjamyň administratorynyň hukuklary bilen üpjün edýär (rugsatlar talap edilenok). Şeýle-de bolsa, bu ýagdaý beýleki programmalaryň hemmesiniň pozulmagyna sebäp bolýar ", - diýip Toşin Twitter-de habar berdi.
Ikinji gowşaklyk “UID 1001 (telefoniýa) degişli faýllary, şol sanda SMS, MMS we telefon jaňlarynyň taryhynyň maglumat binýatlary” okamak mümkinçiligini berýär.
Çeşme: securitylab.ru
16 Fewral 2021